Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Kitaphanaçylyk işi» hünäri bolup, ol hünär 2010-njy ýylda açyldy. «Kitaphanaçylyk işi» hünärini tamamlan uçurymlara, «Kitaphanaçy» käri berilýär.
Kitaphana – resminamalaryň guralan gaznasyna eýelik edýän we kitaphanadan peýdalanyjylaryň maglumat, ylmy, bilim, medeni we beýleki isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün edýän, jemgyýetiň ahlak we intellektual mümkinçiliginiň ösmegine ýardam edýän ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsyň gurluş düzüm birligi.
Kitaphana işi – kitaphanalar torunyň döredilmegini we ösdürilmegini, kitaphana gaznalarynyň döredilmegini, işläp geçilmegini we saklanylmagyny, kitaphanalardan peýdalanyjylara kitaphana hyzmatynyň guralyşyny, kitaphana işgärleriniň hünär taýdan taýýarlanylmagyny, kitaphana ulgamynyň işlemeginiň ylmy we usulyýet üpjünçiligini öz içine alýan maglumat, ylmy, medeni aň-bilim we bilim işiniň pudagy.