Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Medeniýet öýünde režissýorlyk» hünäri hereket edip, bu hünäri tamamlaýan uçurymlara «Medeniýet öýüniň režissýory» kärini almaga niýetlenendir. Hünäriň esasy iş obýekti medeniýet köşkleri, medeniýet öýleri, döredijilik öýleri, medeniýet merkezleri bolup durýar.
«Medeniýet öýünde režissýorlyk» hünärinde okap bilim alan hünärmen hünär işiniň şu aşakdaky wezipeleriniň, ýagny:
-režissura sungatynyň üsti bilen milli mirasymyzy, halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini öwrenip ilata ýaýratmak;
-milli terbiýeçilik ýörelgelerimizi yzygiderli öwrenip durmuşa ornaşdyrmak;
-häzirki zaman dünýä medeniýetiniň gazananlaryny öwrenip, kabul edip almagy başarmak;