Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak

Image description

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde 2016-2017-nji okuw ýylynda «Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak» hünäri açyldy.

«Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak” hünäri boýunça okuwa kabul edilip, bu hünär «Muzeý işgäri» kärini almaga niýetlenendir.

Muzeý – tebigy ýadygärlikleri, medeniýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny toplamagy, öwrenmegi, gorap saklamagy amala aşyrýan, muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň jemagata görkezilmegini, şeýle hem muzeýe gelýänleriň ylyma-bilime, medeniýete we muzeý işi bilen bagly beýleki aýratynlyklara degişli isleglerini üpjün edýän ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsyň gurluş düzüm birligi;

Muzeý işi – ylmy, medeni aň-bilim we bilim işiniň Türkmenistanyň muzeýler ulgamynyň döredilmegini we ösdürilmegini, muzeý gaznasynyň toplanylmagyny, öwrenilmegini we goralyp saklanylmagyny, muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň jemagata görkezilmegini, muzeý işgärleriniň hünär taýýarlygyny, hünäriniň ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny, Türkmenistanyň muzeýler ulgamynyň işlemeginiň ylmy we usulyýet üpjünçiligini özünde jemleýän ugur.