Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Ses we yşyk bilen bezemek» hünäri hereket edip, bu hünär «Ses we yşyk enjamlaryny dolandyryjy-bezegçi» kärini almaga niýetlenendir.
Hünärmeniň wezipesi häzirki zaman ösüş şertlerinde medeniýet, sungat ulgamlaryna bolan talaplaryň artmagy bilen, taýýarlanylýan medeni-köpçülikleýin çäreleri dünýä ülňülerine laýyk, ýokary derejede guramak, teatr we tomaşa edaralarynda, medeni çärelerde saz we yşyk bezeginiň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek, şeýle-de häzirki zamanyň ösen sahna sungatyna mynasyp ses we yşyk bezegçileriniň zerurlygyny göz öňünde tutmak bilen, medeniýet edaralaryny ýörite orta hünär bilimli hünärmenler bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.