Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Teatr-bezeg sungaty (Grim)» hünäri hereket edip, bu hünär «Grimçi» kärini almaga niýetlenendir.
«Teatr-bezeg sungaty (Grim)» hünäri grimçiniň ussatlygynyň üsti bilen teatrda sahnalaşdyrylýan keşpleriň grim bezegi bilen eseriň hereket edýän döwrüni, eserdäki gahrymanyň ýaş aýratynlygyny, häsiýetini açyp görkezýän sungatdyr.
Grimçi – grim bezegini ussatlarça ýerine ýetirip, teatr we kino sungatyny ösdürmekde, özgertmekde, ýokary derejelere ýetirmekde, grim bezeginiň üsti bilen eseriň täsir edijiligini artdyrmaga öz şahsy goşandyny goşup bilýän hünärmen.