Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi

Image description

«Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi» hünäri Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde 2021-2022-nji okuw ýylynda açylyp, bu hünär «Ylmy – tehnologiýanyň üpjünçisi» kärini almaga niýetlenendir.

Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi –  maglumat üpjünçiligini guramak we dolandyrmak, ähli pudaklary boýunça maglumatlar döretmek we ylmy-tehniki gazananlaryny ýaýratmak, döredilen maglumatlar üpjünçiligi, toplumlar boýunça hyzmat etmek, maglumat üpjünçiligine degişli ylmy-usuly işleri ulanmak.

Maglumat prosesleri – resmileşdirilen maglumaty ýygnamak, işläp taýýarlamak, toplamak we ulanyja bermek prosesleri.

Elektron kitaphana ulgamy – Elektron kitaphana, kitaphana gaznasynyň elektron görnüşidir, fiziki we ýuridik şahslara olara bolan elýeterliligi bermek üçin niýetlenen, kitaphananyň ygtyýarynda bar bolan  tertipleşdirilen elektron resminamalaryň toplumydyr.