2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 26-na Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen dabaraly ýagdaýda geçirildi. Okuw sapagynda çykyş edenler Garaşsyzlygyň mizemez binýady, baky Bitaraplygyň dünýä derejesindäki abraýy hem-de türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän beýik arzuw-myratlary jemlenýän, bedew atyň belent ruhy, çaltlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamlylygyny alamatlandyrýandygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan syýasat bolsa ykdysady ösüşe, halkara hyzmatdaşlygyň giňemegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna berk esas bolup hyzmat edýär, bu şygar her bir raýatyň kalbynda Watana bolan söýgini, halal zähmete bolan höwesi has-da artdyrýar diýip belläp geçdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda çykyş edenler milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýandygy barada belläp geçdiler. Okuw sapagynyň ahyrynda bolsa, mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2025-2026-njy okuw ýylynyň …