«Baky Bitaraplyk – bagtyýarlygyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Image description

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda «Baky Bitaraplyk – bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny belläp, baýramçylyk mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.

Şeýle hem çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdymyzda türkmen halkynyň eşretli ýaşamagy ugrunda edýän aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Baky Bitaraplyk – …

Täzelikler