Her ýylda bolşy ýaly bu gün hem ýurdumyzyň ähli künjeginde şol sanda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Bilimler we talyp ýaşlar güni» dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Bu dabarada sungat ojagyna gadam basan 1-nji ýyllyk talyplarymyzyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Ýaş zehinleriň çykyşlarynda talyp toparynyň ýerine ýetirmeginde çeper kompozisiýalar we döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän goşgy setirler beýan edildi. Çäräniň dowamynda gutlaglar we aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Bu şanly dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen gutlagy okaldy.
Soňra talyp ýaşlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly ilkinji okuw sapagyna gadam basdylar. Çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda, şol sanda medeniýetimiz we sungatymyz uly ösüşlere beslenýär diýip, çykyş eden mugallymlar belläp geçdiler. Şatlyk şowhuna beslenen dabaranyň ahyrynda mekdebimiziň talyp ýaşlary mugallymlary Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat
mekdebiniň mugallymy
Öwezowa Aýgül
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «BILIMLER WE TALYP …