«TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY WE MEDENI MIRASY» atly bäsleşik geçirildi.

Image description

«TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY WE MEDENI MIRASY» atly bäsleşik geçirildi.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşige Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdy.

«Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, gatnaşyjy talyplar muzeý gymmatlyklary boýunça referat ýazdylar.

Bäsleşik Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, ol örän täsirli we çekeleşikli geçdi. Oňa gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary öz ukyp başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Şeýlelikde, bäsleşigiň Baş baýragyna Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Ýusupowa Aýjemal Hezretmämmedowna mynasyp boldy. Şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Mämmetweliýewa Orazgül Hydyrmämmedowna II orna mynasyp boldy. 

Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlar Hormat hatlar bilen sylaglandy. Bulardan başga-da bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY …

Täzelikler