«Türkmenistan – parahatlyk mekany, Bitaraplyk – Watan şöhraty-şany» atly maslahat geçirildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan – parahatlyk mekany, Bitaraplyk – Watan şöhraty-şany» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu okuw-usuly maslahatynyň umumy mejlisi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilip, soňra ol alty bölüme bölündi.
Okuw-usuly maslahatyň üçünji bölümi «Milli medeniýetimiziň we mirasymyzyň hazynalary» ady bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň okuw binasynda dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Maslahatyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhyny, meşhur şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada aýdylyp geçildi. Şeýle hem çykyş edenler döwrebap ösüşli medeniýetimiz, sungatymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, jemgyýetiň ruhy bitewiligini kemala getiriji güýje eýe bolýandygyny, şonuň netijesinde hem türkmen medeniýeti häzirki döwürde milli mirasy we jemgyýetiň häzirki zaman ösüşini özünde jemleýän döwlet durmuşynyň depginli ösýän ulgamyna öwrülýändigi barada belläp geçdiler.
Bulardan başga-da maslahatyň dowamynda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşi, Magtymguly Pyragynyň filosofik garaýyşlarynyň ylmy taýdan öwrenilişi, kitap okamak we kitaplaryň gadyr-gymmaty bilim özgertmeleriniň rowaçlanyşy giňden beýan edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary watansöýüjiligiň, milli mertebeliligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň beýik nusgasyny özünde jemleýändigi, bu bolsa ýaşlaryň terbiýesinde möhümdigi hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Okuw-usuly maslahatyň dowamynda mekdebiň agzybir döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazly folklor çykyşyna tomaşa edildi.
Maslahatyň ahyrynda bolsa, maslahata gatnaşan wekiller, mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.




Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Türkmenistan – parahatlyk …