“AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde “Açyk gapylar” güni mynasybetli gözel paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylaryna mekdebimiz barada mekdebimiziň mugallymlary tarapyndan giňişleýin maglumat berildi. “Açyk gapylar” gününe gatnaşyjylar mekdebimizde hereket edýän hünärler ýagny “Kitaphanaçylyk işi”, “Çagalar okaýşyny guramak”, “Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak”, “Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi” “Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi”, “Höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak”, “Aktýorlyk sungaty”, “Medeniýet öýünde režissýorlyk”, “Teatr-bezeg sungaty (Grim)” we “Ses we yşyk bilen bezemek” bilen ýakyndan tanyşdylar. “Açyk gapylar” gününde ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim medeniýet ulgamyny ösdürmek babatdaky özgertmeleriniň mekdebimizde durmuşa geçirilişi barada mekdebiň mugallymlary tarapyndan gürrüň berildi. Şeýle hem tanyşdyryş dabarasynda mekdebimizde alnyp barylýan işler barada wideorolik görkezildi. Tanyşdyryş dabarasynda mekdebimiziň döredijilik toparynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym-sazly, tanslar, çykyşlar bilen utgaşyp, baýramçylyk ruhuna beslendi. Soňra mekdep okuwçylary kitap sergisi bilen ýakyndan tanyşdylar.
Geçirilen “Açyk gapylar”güni Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi barada mekdep okuwçylarynda bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “AÇYK GAPYLAR” GÜNI …