Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» «Äleme rysgal paýlap, Nowruz geldi ilime!» ady bilen taýýarlanan baýramçylyk dabarasy ýokary derejede geçirildi.
Pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanýar. Ata-babalarymyzyň «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýip, aýdyşlary ýaly gadymy türkmen topragyna täzelenşiň hem-de nuranalygyň baýramy bolan Nowruz, özüniň kalplara şatlyk paýlaýan ajaýyp günleri bilen geldi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» geçirilen Halkara Nowruz gününe bagyşlanan bu ajaýyp baýramçylyk dabarasynda mekdebimiziň döredijilik toparynyň taýýarlan «Gyzlar läle kakanda», «Ýaşlyk bahary», «Gyz edebi – il edebi» atly folklor çykyşlary geçirilen çärä aýratyn bir öwüşgin goşdy. Joşgunly aýdym-sazlar, sahnalaşdyrylan çykyşlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olarda Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň mizemez agzybirligi we jebisligi, ýurdumyzyň saýlap alan döredijilikli ýolundaky ynamly ädimleri wasp edildi. Şeýle hem folklor, sahna eserlerinde talyplaryň çykyşlarynda gadymy döwürlerden şu günlere çenli gelip ýeten Nowruz baýramynyň taryhy hem-de däpleri janlandyryldy.
«Äleme rysgal paýlap, Nowruz geldi ilime!» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik toparlary ýagny, «Çandybil» depçiler toparynyň, dutarçylar ansamblynyň, akapella toparynyň çykyşlary hem bu çärä aýratyn goşant goşdy.
Mundan başga-da baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň taýýarlan sergileri, milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, senetleriň görnüşleri görkezildi.
Milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we gorap saklamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun! Il, ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!


Maglumatlar şu salgydan alyndy: Äleme rysgal paýlap, …