«ASYLLY ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR» atly söhbetdeşlik Arkadag teleýaýlymyna ýazgy edildi.

      2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Arkadag şäherinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyna gatnaşan talyp ýaşlary bilen bilelikde Arkadag teleýaýlymynyň «Köňülleriň çyragy» atly gepleşiginde «Asylly ýörelgeler rowaçlanýar» atly tegelek stol söhbetdeşligi ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ähli babatda döwrebap ösüşler bilen kuwwatlanýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Esasan hem söhbetdeşlikde çykyş eden mugallymlar we talyplar Gahryman Arkadagymyzyň  taryhy çykyşy barada maglumat berdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň geçiren bu umumy okuw sapagynda milli taryhy mirasymyz, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny gorap saklamagyň we ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi diýip gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda milli taryh we terbiýe meselesine-de aýratyn orun berildi. Ýaşlaryň öz taryhyny, milli köklerini we medeni mirasyny bilmeginiň zerurdygyny aýratyn belledi diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň edep-terbiýe gymmatlyklarynyň maşgaladan başlanýandygy, ene-atanyň we mugallymyň bu ugurdaky jogapkärçiliginiň uludygy nygtaldy diýip giňişleýin gürrüň berdiler.

          Tegelek stol söhbetdeşliginde çykyş eden ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär diýip hem gürrüň edildi. Çykyşyň dowamynda talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny we mugallymlaryň gelejegimiz bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde, ylymly-bilimli kämil hünärmenler bolmaklary ugrunda ata –babalarymyzyň galdyran baý mirasy, milli däp-dessurlary we kämil ahlak gymmatlyklary hakynda gürrüňler, buýsanç bilen beýan edildi.

       Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Gülälek Garajaýewa

«Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň

mugallymy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «ASYLLY ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR» …

Täzelikler