BAGTYÝAR TALYBYŇ ÝÜREK BUÝSANJY!

Ýaşlaryň erkana okap, bilim almaga giň mümkinçiliklere baý bolan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara baýdyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara geçiren  umumy okuw sapagyna gatnaşmak maňada miýesser etdi. Bu taryhy waka talyplyk we ýaşlyk ýyllarymyzyň iň ýatdan çykmajak  pursatlarynyň biri bolup durýar.

    Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy çykyşy ýatdan çykmajak möhüm waka hökmünde biziň kalbymyza çäksiz buýsanç paýlady, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin öňküden-de yhlasly zähmet çekmeklige ruhlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlary, döwletli maslahatlary, nusgalyk ömür ýoly biz üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebidir, ýolumyza şamçyragdyr. Taryhy waka hökmünde her birimizde  uly buýsanç döreden Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda milli taryh we terbiýe meselesine aýratyn orun berildi. Ýaşlaryň öz taryhy, milli köklerini we medeni mirasyny bilmeginiň zerurdygyny aýratyn belläp geçdi.

     Okuw sapagynda milli taryhy mirasy öwrenmegiň türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny gorap saklamagyň we ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, alymlarynyň we akyldarlarynyň mirasynyň ýaşlar üçin uly ruhy çeşme bolup durýandygyny nygtady.

    Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýylynda gazanylan belent sepgitleri, ýurtda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler we ýaş nesillere döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berdi. Milli Liderimiziň parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik baradaky öwüt-nesihatlary, ýaşlary ylym-bilim we kämil ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ädim boldy.

     Geljekde döwrebap bilim ojagymyzda alan bilimimiz, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşarys. Ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler bize uly ynam bildirilýändigini aňladýar.Ýaş nesliň bagtyýar, abadan geljegi üçin ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Garamämmedow Şatlyk
«Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar»
bölüminiň«Medeniýet öýünde režissýorlyk»
hünäriniň 2-nji ýyl talyby

Maglumatlar şu salgydan alyndy: BAGTYÝAR TALYBYŇ ÝÜREK …

Täzelikler