Baýrammyrat Durdyýewiň «Synagly söýgi» eseri Türkmenistanyň mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda görkezildi

Image description

Sungat ojagymyz bolan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebimizde halypa mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda her ýyl birnäçe temalara ýüzlenip, täze-täze eserler sahnalaşdyrylýar.  2026-njy ýylyň 5-nji maýynda mekdebimiziň mugallymy Handurdy Annaýewiň režissýorlyk etmeginde, «Medeniýet öýünde režissýorlyk» hünäriniň 3-nji ýyllyk talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Hünäri boýunça Döwlet synagy üçin, dramaturg Baýrammyrat Durdyýewiň «Synagly söýgi» atly eseri sahnalaşdyryldy we Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda görkezildi.

       Režissýor «Synagly söýgi» atly eserinde söýgi temasyna ýüzlenilip, ýaşlara has mahsus bolan owadanlyk, wepalylyk, şatlyk ýaly duýgylary tomaşaçylara duýdurmagy başardy. Spektaklda baş gahrymanyň ýagny Sünbüläniň keşbini ýerine ýetiren talyp Hansoltan Altyýewa hem-de onuň joralarynyň keşplerini ýerine ýetiren talyp gyzlar, türkmen gyzyna mahsus bolan asyllyk, utanjaňlyk häsiýetlerini açyp görkezdiler we türkmen milli egin-eşikleri, sahnanyň owadan bezegi bilen bu spektakla has hem öwüşgin berdi. Ýene-de bir belläp geçmeli zatlaryň biri bu spektakla gatnaşan ähli talyplar öz keşplerini owadan, şadyýan, duýgylandyryjy, düşünükli edip tomaşaçylara ýetirmegi başardylar.

      Şeýle hem režissýor mugallym Handurdy Annaýew tarapyndan özlerine bildirilen ynamy ödän Mekanyň keşbini ýerine ýetiren talyp Dädebaý Gurbanow hem-de Merdanyň keşbini ýerine ýetiren talyp Söhbet Çaryýew we ähli gatnaşan talyplar öz keşplerini ussatlarça ýerine ýetirip, olara okuwlaryny tamamlap ýollarynyň açyk, hünärlerini ele alyp watanymyza mynasyp ýaşlar bolmaklaryny arzuw edildi.  

       Bu eser tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalarynyň astynda, keşp janlandyran gahrymanlara gül desseleriniň gowşurylmagy bilen jemlendi.

       Spektaklyň ahyrynda şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, sahnalarda zehiniňi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

   

 

 

 

                                                                                                                       Türkmen döwlet medeniýet we sungat

                                                                                                                       mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Zenanlar

                                                                                                                       guramasynyň başlygy Oguljahan Niýazmämmedowa

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Baýrammyrat Durdyýewiň «Synagly …

Täzelikler