“Bilimler we talyp ýaşlar” güni geçirildi.
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde geçirilen “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň dabarasy, Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagy bilen başlandy. Çäräniň dowamynda gutlaglar we aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi.Bu dabarada sungat ojagyna gadam basan 1-nji ýyllyk talyplarymyzyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Ýaş zehinleriň çykyşlarynda talyp toparynyň ýerine ýetirmeginde çeper kompozisiýalar we döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän goşgy setirler beýan edildi. Soňra talyp ýaşlar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” atly ilkinji okuw sapagyna gadam basdylar. Çäräniň dowamynda mekdebimiziň talyp ýaşlary mugallymlary Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilimler we talyp …