Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň taryhy ähmiýeti we ondan gelip çykýan wezipeler barada 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar» bölüminiň gurnamagynda «Bilimli nesil-kuwwatly Watan» atly maslahat geçirildi.
Bu maslahatda çykyş eden mugallymlar esasan hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, okatmagyň häzirki döwre laýyk täze usullaryny işläp düzmek, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar diýip gürrüň berdiler. Ýurdumyzda ýöredilýän bilim syýasatynyň özeninde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn, estetika duýgulara baý, saýlap alan kärine doly erk edip bilýän ukyply, Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine saldamly goşant goşup biljek, zähmeti söýýän şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek barada alnyp barylýan işler dogrusynda mugallymlar giňişleýin maglumat berdiler.
Maslahatda çykyş eden mugallymlar ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen geljegiň binýady hasaplanýar şonuň üçin hem bu ulgamy ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär diýip gürrüň berdiler. Türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar diýip mugallymlar gürrüň berdiler.
Çykyş edenler aýratynlykda bilimli nesliň ýurdumyzyň ösüşiniň berk binýady, döredijiligiň we ylma höwesiň bolsa jemgyýetiň kuwwatly hereketlendiriji güýji bolup edýändigini nygtadylar. Şeýle hem Watana wepaly, bilimli hem-de hünär taýdan taýýarlykly ýaşlaryň döwrümiziň baş ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýandyklary aýratyn bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar talyplarynyň taýýarlan aýdym-sazlaryna, edebi-sazly kompozisiýalaryna tomaşa etdiler. Halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlara beslenmegini arzuw etdiler.
Ýazgül Begenjowa
«Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar»
bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Bilimli nesil-kuwwatly Watan» …