Ýaşlarda millilige, el işlerine bolan gyzyklanmasyny artyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň döredijilik topary bolan «Dürler hazynasy» folklor toparynyň taýýarlan «Dokma dokar ellerim» atly talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda Türkmen halysynyň Milli muzeýinde 2025-nji ýylyň 12-nji maýynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň «Arşyň nepisligi» gepleşigine ýazgy edildi. Ýazgyda türkmen zenanynyň maşgala ojagynyň daýanjydygy, ähli gözellikleriň seresidigi barada söz açyldy. Görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem özleriniň asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem nusgadygy belenildi. Şeýle hem «Dürler hazynasy» folklor topary «Gül bezelen halym», «Kak daragym», «Bäş barmagymyň hünäri» atly folklor çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda zenan maşgala goýulýan hormat ulydyr. Enelerimiziň on barmagyndan çykýan keşdeler, kürtedir-çabytlar, türkmen halylary hakynda türkmeniň geçmiş taryhyna bagyşlanan kitaplarda ýazylypdy. Haly önümi bolan ýan torbalar, bukja torbalar, ak öýlerimiziň bezegi bolan gapylyklar hiç-haçan öz gymmatyny gaçyrmaýan mirasymyz bolup durýar.