Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalanýar. Milletimiziň maddy gymmatlyklary, ruhy dünýäsi olarda aýdyň şöhlelenýär. Merdana ata-babalarymyzyň, paýhasly ene-mamalarymyzyň bize miras goýan amaly-haşam, keşdeçilik, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, kulalçylyk, zergärçilik sungaty milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir.
Ýaňy ýakynda bolsa Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň çykyş etmeginde «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň «El hünäri-il gezer» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Bu gepleşige mekdebimiziň mugallymlary hem-de «Dürler hazynasy» folklor topary işjeň gatnaşdylar. Döredijilik toparynyň talyp gelin-gyzlary bilen bilelikde «El hünäri-il gezer », «Gyz edebi», «Alaja-ala ýüpim» ýaly birnäçe folklor eserleri bilen çykyş etdiler. Talyp gyzlar üme dessuryny ýerine ýetirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işleri, ýetilen sepgitleri halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny hem-de bagtyýar döwrümiziň kämil sungat derejesindäki el işleriň, ýagny keşde gaýamagyň kürte, don tahýa tikmegiň, özboluşly usullaryny giňden açyp görkezýän bu folklor çykyşlary gepleşige has hem öwüşginlik çaýdy.
Täsirli geçen gepleşigiň dowamynda mekdebimiziň mugallymlary we talyplary mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň döredýän el işlerini we olara goýulýan sarpa barada çykyş etdiler. Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň, gadymy däp-dessurlarynyň we milli gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan keşdeçilik sungaty bu günki gün hem özüniň nepisligi, gözelligi we çuňňur many-mazmuny bilen kalplary buýsanja besleýär diýip bellediler. Mundan başga-da çykyş eden mugallymlar asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan bu sungat diňe bir egin-eşikleriň bezemegiň usuly bolman eýsem, halkymyzyň taryhyny, arzuw-umytlaryny, durmuş pelsepesini we çeperçilik dünýägaraýşyny özünde jemleýän gymmatly hazynadyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň nepis ellerinden çykan keşdeler göreni haýrana goýýar. Olaryň her birinde özboluşly many, aýratyn gözellik, inçe duýgy bar, diýip mugallymlar gyzykly maglumatlar bilen çykyş etdiler.
Bu gepleşigiň ahyrynda bolsa oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çemen Atahanowa
«Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar»
bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «El hünäri-il gezer» …