2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary bilen talyp ýaşlary bilelikde Ýaşlyk teleýaýlymynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren ýurdumyzyň parahatçylyk daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagy mynasybetli tegelek stol söhbetdeşligi ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ösüş döwrüniň aýratynlyklaryny örän çuňňur hem aýdyňlyk bilen açyp görkezendigine ünsi çekdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan beýik üstünliklerini dowam etmekde ýaşlara uly ornuň degişlidigini nygtamak bilen, ýaş nesliň edep-terbiýesi, maşgala gymmatlyklary, milli mirasy, beýik şahsyýetlerimiz barada giňişleýin durup geçdi.
Tegelek stol söhbetdeşliginde çykyş eden mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda ýaşlara maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, edep-terbiýäni berkitmek, ene-ata hormat, zähmetsöýerlik we jemgyýetde mynasyp orun eýelemek barada aýdan parasatly sözlerini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gelejekde berkarar döwletimiziň ykbalyny kesgitlejek ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylymly-bilimli, ýokary medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolmalydygy barada aýdanlary umumy okuw sapagyna gatnaşanlaryň göwnüni galkyndyrýan waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň atlarynyň tutulmagy ýaşlarda çuňňur watançylyk hem-de ynsanperwerlik duýgularyny döretdi diýip, çykyş edenler bellediler.
Ýaşlyk teleýaýlymynda geçirilen hoşallyk söhbetdeşligiň ýazgysynyň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Durdyýewa Ogulbaýram
«Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TALYPLAR …