«Garaşsyz Watanymyz-ata-babalarymyzyň arzuw eden bagty» atly okuw usuly maslahat geçirildi.

Image description

«Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň  Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Arkadag, Aşgabat  şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta  hünär  okuw  mekdepleriniň arasynda «Garaşsyz Watanymyz – ata-babalarymyzyň arzuw eden bagty» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu okuw-usuly maslahatynyň umumy mejlisi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilip, soňra ol on bölüme bölündi.

Okuw-usuly maslahatyň dördünji bölümi «Derde derman ösümlikler» ady bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň okuw binasynda dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Maslahatyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işler durmuşa geçirilýändigi barada aýdylyp geçildi. Maslahata gatnaşyjylar ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip, milli gymmatlyk derejesine ýetiren halk lukmançylygynda ulanan ösümlikleriň dürli dermanlyk häsiýetleri we aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýändigini bellediler.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlaryny, türkmeniň dermanlyk ösümliklerini çuňňur öwrenip, bu baradaky ylmy netijelerini «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplaryň üsti bilen halkymyza ýetirendigini nygtadylar. Bu kitaplarda milli lukmançylyk mirasymyz, eziz Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Olar bejergi alýan adamlar üçin örän peýdalydyr we saglygy dikeltmekde şypahanalardaky bejergiler bilen birlikde, dermanlyk otlardan peýdalanmak hem örän ähmiýetlidir diýip okuw-usuly maslahatda çykyş eden mugallymlar belläp geçdiler.

Okuw-usuly maslahatyň dowamynda çykyş eden mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsan saglygyna şypa beriji häsiýetlerini ylmy taýdan esaslandyrýandygyny, şeýle-de halk lukmançylygynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň müňlerçe görnüşi peýdalanylýandygyny bellediler. Olaryň dermanlyk häsiýetleri barada Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň we Muhammet Hüseýniň eserlerinde hem gymmatly maglumatlar bar diýip maslahatyň dowamynda çykyş eden mugallymlar giňişleýin gürrüň berdiler.

Mundan başgada maslahatda Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ilatyň saglygyny goramak we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, giň gerimli alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi. Şeýle hem döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, öňüni alyş çäreleriniň güýçlendirilmegi, sanly saglyk hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagy bu ulgamda gazanylýan möhüm netijeler dogrusynda gymmatly maglumatlar maslahatda çykyş eden wekiller tarapyndan gürrüň berildi.

Bulardan başga-da maslahatyň dowamynda mekdebiň agzybir döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazly folklor çykyşyna tomaşa edildi.

Maslahatyň ahyrynda bolsa, maslahata gatnaşan myhmanlar, mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

                               

 

                                                  Aýna Abaýewa

                                                 «Kitaphanaçylyk işi»

                                                 bölüminiň müdiri

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Garaşsyz Watanymyz-ata-babalarymyzyň arzuw …

Täzelikler