«GARAŞSYZLYK – ROWAÇ ÝOLY TÜRKMENIŇ» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Garaşsyzlyk – rowaç ýoly türkmeniň» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

 Bu döredijilik duşuşygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan günlerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk  Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçirendigi barada, bu bolsa türkmen halkynyň ählisinde uly täsir galdyrandygy dogrusynda giňişleýin durulyp geçildi.

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda geçilen bu umumy sapak Garaşsyzlygymyza, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine, umuman türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, bagtyýar şu gününe, röwşen geljegine, ýugrulan umumy nukdaýnazarlar bilen baýlaşandygyny, şonuň üçin her bir türkmen raýaty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmatyna, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimize ýene-de aýdyň göz ýetirdi diýip duşuşyga gatnaşyjylar belläp geçdiler.  Şeýle hem bu umumy sapak diňe bir ýaşlar, talyplar, okuwçylar üçin däl-de her birimiz üçin nusgalyk mekdep boldy.

Döredijilik duşuşygyň ahyrynda şahyrlar, mugallymlar, kitaphanaçylar ähli ýygnaga gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy ösüşleriň ynamly ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara  beslenmegini arzuw etdiler!

 

Mähri Hojamädowa

Türkmen döwlet medeniýet

we sungat mekdebiniň

Önümçilik tejribäniň ýolbaşçysy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «GARAŞSYZLYK – ROWAÇ …

Täzelikler