2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda» 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyna laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutyna berkidilen orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça iş toparynyň 2025-2026-njy okuw ýyly üçin meýilnamasyndaky «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy boýunça bellenen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça usuly maslahatlar» atly işiň görnüşine esaslanyp «Halypa-şägirtlik ýoly – durmuş mekdebi» ady bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halypa mugallymlary bilen bilelikde usuly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze döwrebap ýokary okuw mekdepler bina edilip, uzak möhletli milli maksatnamalar kabul edilip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak — ýaşlarymyzyň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek işleri üstünlikli dowam etdirmek bilen baglanyşykly Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny alama aşyrmak we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, daşary ýurt dillerini hünär ugurlaryna görä öwretmek maksady bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Dünýä tejribesini öwreniş» kafedrasynyň mugallymlary bilen mekdebimiziň hünärmen mugallymlary bilelikde «Halypa-şägirtlik ýoly – durmuş mekdebi» atly usuly maslahat geçirildi.
Geçirilen maslahatda bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda geljegimiz bolan ýaş nesil uly aladalar bilen gurşalandyr. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, ylymly, Watanymyza, jemgyýetimize wepaly adamlar bolup ýetişmegi hem-de ata-baba dowam edip gelýän milli, ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi we saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan pederlerimiziň milli ýol-ýörelgeleriniň içinden ýaş nesli terbiýelemegiň meseleleri, edim-gylymlary eriş-argaç bolup geçýär. Ýaşlaryň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmegi üçin halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly hasaplanýan halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr», «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter», «El hünäri – il gezer», «Hünärli kişi hor bolmaz», «Şägirtsiz ussat – miwesiz daragt», «Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar» ýaly çeper aýtgylarda ýaşlaryň hünärlilik taýdan ussat bolup ýetişmegi ündelýär diýip bellenildi.
Çäräniň dowamynda ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini has-da kämilleşdirip öwrenmekleri üçin, talyp ýaşlar tarapyndan birnäçe soraglar berildi. Halypa mugallymlar öz tejribelerinden talyp ýaşlara birnäçe maslahatlar berdiler. Usuly maslahat gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy – asyrlara, nesillere serpaýdyr diýip buýsançly bellendi. Berkarar döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk sözleri aýdyldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Halypa-şägirtlik ýoly – …