«Iň arassa otag» atly bäsleşigiň jemi jemlendi.

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda biz-ýaşlara okamaga, öwrenmäge, ylym-bilim bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Arassaçylyk kadalarynyň dogry we doly ýerine ýetirilmegi saglygymyzy goramagyň iň ygtybarly serişdeleriniň biridir. Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek endigimiz bolup, saglygymyzy goramakda uly ähmiýete eýedir. «Arassaçylyk saglygymyzyň gözbaşydyr» diýen jümlä eýerip, mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýynda tertip-düzgüni arassaçylygy, düzgün-nyzamy berk saklamaklyk maksady bilen, okuw ýylynyň dowamynda «Iň arassa otag» atly bäsleşigi geçirilýär.

Mekdebimiziň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan umumy ýaşaýyş jaýyna gözegçilik döwründe meniň otagymyň arassaçylygy  tertip-düzgüni göz öňünde tutulyp «Iň arassa otag» diýip yglan edildi we meni we otagdaşlarymy dürli sowgatlar bilen höweslendirildi. Biz mundan beýläk hem mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýynyň arassaçylygyny, tertip-düzgünini berk berjaý edip, okuwlarymyzda hünärimiziň eýesi bolup Watanymyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.

Şeýle hem okuwdan boş wagtlarymyz daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak maksady bilen, umumy ýaşaýyş jaýynyň daşky arassaçylygyny berjaý etmek ýagny köpçülikleýin ýowarlara hem talyp deň-duşlarymyz bilen işjeň gatnaşýarys. Mundan başgada «El hünäri, il gezer» ýaly nakyllardan ugur alyp okuwdan boş wagtlarymyz el işleri bilen meşgullanýarys.

Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

 

 

 

 

 

                                                                         Aýlar Ýazdurdyýewa

                                                                         Türkmen döwlet medeniýet we

                                                                         sungat mekdebiniň talyby

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Iň arassa otag» …

Täzelikler