«Jemgyýetiň ruhy-ahlak sagdynlygy, ýaşlaryň terbiýesi esasy meseleleriň biridir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

     2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda «Jemgyýetiň ruhy-ahlak sagdynlygy, ýaşlaryň terbiýesi esasy meseleleriň biridir» atly wagyz-nesihat  çäresi geçirildi.

       Bu geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden wekiller  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň  ýaşlaryna  ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly  gowy gylyk-häsiýetler  mahsus bolmalydyr diýip, çykyş eden wekiller gürrüň berdiler.

     Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär diýip, gyzykly maglumatlary giňişleýin gürrüň berildi.

     Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Hususan-da tik-tok platformasynyň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanly täsirleri barada gürrüň berdiler. Ýaşlaryň her bir edýän hereketiniň asylly, “müň ölçäp bir kesilen” bolmalydygyny düşündirdiler. Çäräniň dowamynda  tik-tok platformasyny netijesiz ulanmaklygyň, gysga wideolara yzygiderli tomaşa etmekligiň  adamlaryň öz durmuşyndan kanagatlanma derejesiniň peselmegine ýiti täsir edýändigi baradaky   maglumatlar  hakynda hem aýtdylar. Mundan başga-da wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ahlak kadalary adamynyň özüni alyp barşyny, jemgyýet bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär şeýle hem ahlak terbiýesi – edep-terbiýäni, päk ahlaklylygy, jemgyýete peýdaly häsiýetleri kemala getirmekdir diýip çykyş eden wekiller gürrüň berdiler. Ahlak terbiýesi ilki bilen maşgalada başlanýar, ene-atanyň perzendine berip biljek iň uly baýlygy – gowy terbiýedir diýip belläp maşgalanyň adamyň ömründäki mynasyp orny barada çykyş eden wekiller giňişleýin gyzykly gürrüň berdiler.

          Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň içgin ornaşmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Saryýewa Arzuw

«Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar»

bölüminiň mugallymy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Jemgyýetiň ruhy-ahlak sagdynlygy, …

Täzelikler