Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize, sungatymyza we ruhy mirasymyza uly sarpa goýulýar. Medeniýet hepdeligi diňe bir döredijilik dabarasy bolman, eýsem, milli mirasymyzyň dünýä ýaýylmagyna, ýaş nesliň milli ruhda kemala gelmegine hem hyzmat edýär. Medeniýet hepdeligi halkymyzyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alýan baý medeni mirasyny wagyz etmek bilen birlikde, häzirki zaman türkmen sungatynyň ösüşini hem beýan edýär.
Türkmen medeniýeti hem sungaty parahatçylygyň, dost-doganlygyň aýdymyny bu günki gün dünýä ýaýýar. Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň ösüşine, jemgyýetimiziň ruhy başlamagyna, ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, döredijilik ruhunda terbiýelemäge möhüm goşant goşýar. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň parahatçylygyň, ösüşiň, agzybirligiň nyşany hökmünde dünýä ýaň salmagyny üpjün edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan şahsyýet bolandygyna, ussat şahyryň kämil şygyrlary türkmen halkynyň diliniň senasy bolup, dünýä ýaň salýar.
Ýaňy ýakynda bolsa Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi bilen bilelikde guralan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «MEDENIÝET GÜNLERI-BIRLEŞDIRÝÄR ILLERI» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen halkynyň milli medeniýeti sungaty, olaryň taryhy kökleri, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary esasynda gurnalan sergi mekdebimiziň talyp ýaşlarynda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle-de Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri esasynda gurnalan sergiler talyplarda uly gyzyklanma döretdi.
Aýdym-sazly döredijilik duşuşygyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. «Medeniýet günleri-birleşdirýär illeri» atly döredijilik duşuşygy «Ýaşlyk» teleýaýlymy arkaly ýazgy edildi.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.



Annatäç Jarçyýewa
«Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «MEDENIÝET WE SUNGAT …