«MEDENIÝET YLHAMYŇ GÖZBAŞY» atly bilim bäsleşigi geçirildi.
2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «MEDENIÝET YLHAMYŇ GÖZBAŞY» atly bilim bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşige Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we welaýatlaryň medeniýet we sungat ugurly ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň ýagny,
talyplary işjeň gatnaşdylar.
Ders bäsleşigi «Sungatyň taryhy» hem-de «Pedagogika» dersleri boýunça geçirilip, her bir ders üçin test soraglary hödürlendi.
Şeýle hem bu bäsleşik talyplaryň alan nazary we amaly bilimlerini, başarnyklaryny, ukyplaryny ösdürmek, alan bilimlerini özbaşdak işläp, ony özleşdirmek endiklerini, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek, özara tejribe alyşmaklary, aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmaklyk, döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirildi.
Bäsleşik örän täsirli we çekeleşikli geçdi we oňa gatnaşan talyplar öz ukyp başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlary mynasyp boldular.
«Sungatyň taryhy» dersi boýunça:
I orna – Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Aşyrowa Sona Meýlisowna mynasyp boldy;
II orna – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Hojatowa Gülälek Bäşimowna mynasyp boldy;
III orna – Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Nurymowa Maral mynasyp boldy.
«Pedagogika» dersi boýunça:
I orna – Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Aşyrowa Ogulbike Orazdurdyýewna mynasyp boldy;
II orna – Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Mämmiýewa Soltan Etrekdurdyýewna mynasyp boldy;
III orna – Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Ýanarowa Güljemal Döwletgeldiýewna mynasyp boldy.
Bulardan başga-da bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara Minnetdarlyk haty hem gowşuryldy. Bäsleşigiň geçirilmegi tejribe alyşmak hem-de orta hünär mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar mekdebiň döredijilik toparynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym-sazly edebi-sazly kompozisiýalaryna tomaşa etdiler. Bäsleşige gatnaşan ähli talyplar mugallymlar şeýle ajaýyp giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «MEDENIÝET YLHAMYŇ GÖZBAŞY» …