Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly Geňeşiniň 2026-njy ýylynyň MEÝILNAMASY esasynda, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde 2026-nji ýylyň 19-njy iýunynda okuw-usuly maslahat geçirildi geçirildi.
Okuw-usuly maslahatyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýändigi we Watana wepaly, bilimli, sungatyň dürli ugurlaryndan, sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan kämil ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berilýändigi barada giňişleýin durulup geçildi.
Täsirli geçen maslahatyň dowamynda maslahata gatnaşyjylar Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, ylymly, Watanymyza, jemgyýetimize wepaly adamlar bolup ýetişmegi hem-de ata-baba dowam edip gelýän milli, ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi we saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.
Okuw-usuly maslahat «Ýaş pedagoklaryň mekdebi – ýaş mugallymlaryň hünär kämilleşmeginiň möhüm ulgamy», «SKAFFOLD», «Pedagogiki ussatçylyk mekdebi», «Orta hünär okuw mekdebiniň mugallymynyň şahsy iş meýilnamasyny düzmek boýunça Gözükdirijisiniň mazmuny» atly temalar bilen dowam etdi. Maslahatyň dowamynda öňe sürlen teklipler we pikir alyşmalar oňa gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.
Okuw usuly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.


Jemal Muhammedowa
«Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň
mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mekdebimizde okuw-usuly maslahat …