Mekdebimiziň talyby BILIM BÄSLEŞIGINDE III orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaş nesilleri ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýen parasatly sözlerinden hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlaryň bilime we ylyma höwesini artdyrmak, özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek we olaryň tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak babatyndaky bimöçber aladalaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Meýilnamasy esasynda Arkadag, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda  «Garaşsyzlyk – bagtymyz, Bitaraplyk – binýadymyz» atly bilim bäsleşigi geçirildi. Bu bilim bäsleşigi I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw  mekdebinde geçirilip mekdebimiziň göreldeli talyplary Şaberdiýewa Nurjahan Dörtgulyýewna hem-de Orazowa Aýgül Çarymyradowna dagylary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşik «Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» dersi boýunça geçirilip, ders üçin test soraglary hödürlendi.

Şeýlelikde çekeleşikli geçen bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, mekdebimiziň talyby Orazowa Aýgül III oruna mynasyp boldy. 

Geçirilen bu bilim bäsleşiginde mekdebimiziň talybynyň III orna mynasyp bolmagy mekdebimizde zähmet çekýän mugallymlary örän buýsandyrdy. 

Her bir mugallymyň çekýän halal zähmetiniň miwesini görmek uly bagtdan nyşandyr. Şular ýaly eşretli zamanada ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagynda edilýän atalyk aladalaryň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz durandygyndan nyşandyr. Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

Nurmuhammet Annaýew

«Jemgyýetçilik dersleri» 
        bölüminiň mugallymy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mekdebimiziň talyby BILIM …

Täzelikler