Mekdebimiziň talyby DÖWLET BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI boldy.

Image description

«Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde çykaran 170-nji buýrugyna laýyklykda 2026-njy ýylyň 30-njy apreli-1nji maýy aralygynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigi geçirildi.

Talyplaryň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde «Ekologiýa we daşky gurşawy goramak» dersi boýunça mekdebimiziň «Iş kagyzlaryň dolanşygyny guramak we arhiw işi» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Annatäç Kerimowa Saragtgulyýewna III oruna mynasyp boldy. Göreldeli talybymyz Annatäç Kerimowa Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan III-DEREJELI DIPLOM BILEN SYLAGLANDY.

Geçirilen bu talyplaryň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde mekdebimiziň talybynyň III orna mynasyp bolmagy mekdebimizde zähmet çekýän mugallymlary örän buýsandyrdy.

Her bir mugallymyň çekýän halal zähmetiniň miwesini görmek uly bagtdan nyşandyr. Şular ýaly eşretli zamanada ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagynda edilýän atalyk aladalaryň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz durandygyndan nyşandyr. Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

                                                                                                                                                                  Aýsoltan Uraýewa

                                            «Jemguýetçilik dersleri»

                                            bölüminiň müdiri

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mekdebimiziň talyby DÖWLET …

Täzelikler