Mekdebimiziň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Anton Pawlowiç Çehowyň «Ýubileý» eseri Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň sahnasynda görkezildi.

Mekdebimiziň «Aktýorlyk sungaty», «Medeniýet öýünde režissýorlyk» hünärleriniň talyplary, halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda watançylyk, söýgi, dostluk ýaly temalardan täze-täze il halar döwrebap eserleri sahnalaşdyrýarlar. Ýaňy ýakynda ýagny, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 23-ne mekdebimiziň mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Durdyklyç Niýazowyň režissýorlyk etmeginde «Aktýorlyk sungaty» hünäriniň 3-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmaklarynda Hünäri boýunça Döwlet synagy üçin taýýarlanylan dünýä belli Rus ýazyjysy Anton Pawlowiç Çehowyň «Ýubileý» atly gülküli eseri sahnalaşdyrylyp, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda görkezildi. Mekdebimiziň uçurym talyplary bu eseri ussatlarça ýerine ýetirdiler.

     Režissýoryň sahnalaşdyran bu eserinde esasy keşpleriň birini janlandyran ýagny, bankyň başlygynyň aýaly Tatýana Alekseýewnanyň janlandyran mekdebimiziň talyby Aýna Innetowa  režissýor tarapyndan özüne bildirilen ynamy, ýagny keşbini ussatlarça ýerine ýetirip, tomaşaçy talyp deň-duşlarynyň gyzgyn garşylamagyny gazandy. Şeýle hem bu eserdäki baş hasapçy Kuzma Nikolaýewiçiň keşbini ýerine ýetiren talyp Muhammedow Gurban öz ýerine ýetirýän keşbine jogapkärli çemeleşdi we ussatlarça ýerine ýetirdi.

      Ýene bir aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri gahrymanlaryň egin-eşikleriniň hem-de keşpe görä griminiň sahnanyň bezeginiň dekorasiýasynyň eseriň žanry bilen baglanyşdyrylmagy bu esere has hem öwüşgin berdi. Bu eser tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalarynyň astynda, keşp janlandyran gahrymanlara gül desseleriniň gowşurylmagy bilen jemlendi.

     Spektaklyň ahyrynda şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, sahnalarda zehiniňi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy.

 

Aýgül Öwezowa

«Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar»

bölüminiň mugallymy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mekdebimiziň talyplarynyň ýerine …

Täzelikler