2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň «Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak» hünäriniň talyplary we mugallymlary bilen Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň Watan mukaddesligi muzeýine guramaçylykly gezelenç guraldy. Gezelenç «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň Hyjuwly ýaşlar atly gepleşiginiň nobatdaky sanyna ýazgy edildi.
Muzeý – bu diňe bir gadymy zatlaryň saklanýan ýeri däl, eýsem ol milletiň janly hakydasy, geçmiş bilen geljegi birleşdirýän altyn köprüdir. Bu muzeý talyplarymyz üçin diňe bir taryhy muzeý bolman, eýsem hakyky ylham we amaly tejribe mekdebidir. Okuw otagynda öwrenen nazary bilimlerimizi – ýagny her bir eksponaty öwrenmek, olary ylmy esasda ýerleşdirmek, gorap saklamak we tomaşaçynyň kalbyna täsirli ýetirmek ýaly inçe tilsimleri şu ýerde göni iş ýüzünde synlaýarys. Muzeýiň gaznasynda jemlenen gymmatly eksponatlaryñ her biri halkymyzyň gahrymançylykly ykbalyndan, merdana ruhundan we baý milli mirasyndan söz açýar.
Gezelenjiň dowamynda etnografik gymmatlyklar ata-babalarymyzyň milli egin-eşikleri, nepis halylary, kümüş șaý-sepleri, taryhy söweş esbaplary hem-de arhiw resminamalary talyplarymyzda geçmişimize bolan çäksiz buýsanç duýgusyny oýardy. Muzeý işini öwrenýän ýaşlar üçin iň täsirli we terbiýeçilik ähmiýetli tarapy-bu gymmatlyklaryň ildeşlerimiz tarapyndan nesilden-nesle geçip gelýän maşgala mukaddesligi hökmünde muzeýe sowgat berilmegidir. Bu bolsa muzeý gaznasyny baýlaşdyrmakda halk bilen ýakyndan iş salyşmagyň we her bir raýatyň öz taryhyna bolan çuňňur hormatynyň iň ajaýyp nusgasydyr. Mundan başga-da, ekspozisiýalarda taryhy resminamalaryň, maketleriň we dioramalar arkaly wakalaryň janlandyrylyşynyň ussatlyk bilen utgaşdyrylmagy talyplarymyza kämil muzeý syrlaryny öwrendiler. Zallardaky döwrebap sensor ekranlar, maglumat panelleri bolsa ýaşlarymyza häzirki zaman sanly muzeý tehnologiýalarynyň öňdebaryjy tejribesini ýakyndan öwrenmäge we milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga giň ýol açýar. Sebäbi geçmişini çuňňur bilýän, ata-babalarynyň mukaddes mirasyny gözüniň göreji deýin goraýan nesil geljegimizıň mynasyp eýeleri bolar.
Gezelenjiň ahyrynda mekdebimiziň talyplary we mugallymlary halkymyzyň baý milli mirasyny, şöhratly taryhyny öwrenmäge, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesinde ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, ýaş nesillerimiziň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Tawus Öräýewa
«Kitaphanaçylyk işi»
bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mekdebiň talyplarynyň we …