Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamakda, ony dünýä ýaýmakda, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly işler durmuşa geçirilýär. 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň talyplarynyň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Taryha syýahat» ady bilen Gadymy Nusaý ýadygärligine guramaçylykly gezelenç guraldy. Gezelenç «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň «Hyjuwly ýaşlar» atly gepleşiginiň nobatdaky sanyna ýazgy edildi.
Gezelenjiň başynda mugallym Nusaý ýadygärlikler toplumy barada giňişleýin maglumatlary gürrüň berdi. Nusaý ýadygärlikler toplumy 2007-nji ýylda YUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi diýip mugallym gürrüň berdi. Duşuşykda Nusaý galasynyň taryhy gymmatlygy, ol ýerde geçirilen gazuw işlerindäki tapylan birnäçe tapyndylar barada mugallym giňişleýin gürrüň berdi.
Nusaý galasynyň taryhy ýadygärligine guralan bu gezelenç talyplaryň gadymy topraklar bilen has içgin tanyşmaklaryna uly itergi berdi. Ol ýerde ýaşlara Nusaý galasynyň taryhy aýratynlyklary barada has giňişleýin gürrüň berildi.
Gezelençde mugallym «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Parfiýa şalygynyň ilkinji paýtagty bolan «Mitridarkert» şäheri bolan Köne Nusaý galanyň taryhy ýadygärlikleri, özboluşly binagärçilik aýratynlyklary barada has gürrüňleri has-da täsirli boldy. Soňra taryhy ýerler bilen baglanyşykly özara sorag-jogap alşylmagy gezelenjiň täsirini has-da artdyrdy. Dünýä taryhynda uly yz goýan Parfiýa patyşalygynyň ilkinji paýtagty bolan Nusaý şäherine baryp, bu gadymy ýadygärligi gözleriň bilen synlamak has-da ýatdan çykmajak pursatdyr.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň zehin-başarnygyny kämilleşdirmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýtdylar.
Ogulbaýram Durdyýewa
«Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mekdebiň talyplarynyň we …