Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagyndaky sargydy düşündirmek, internetdäki ters düşünje-garaýyşlaryň mysallaryny şahsy maglumat ulanmazdan seljermek we ýaşlaryň öz sanly özüňi alyp baryş düzgünlerini düzmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde talyp ýaşlarynyň arasynda «Milli mertebe sanly giňişlikde» atly interaktiw okuw sapagy geçirildi.
Bu geçirilen okuw sapagyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň wekili gatnaşdy. çykyş edenler talyp ýaşlara ýüzlenip Sanly giňişlikde milli mertebämizi saklamagyň kadalary barada, internet ulgamynyň diňe peýdalaryny ýagny kämilleşmek ugrunda ulanmagy maslahat berdiler. Ýaşlar biziň gelejegimiz şonuň üçin hem talyp ýaşlar wagtlaryny watanymyza we milletimize peýdaly zatlara sarp etmelidirler diýip belläp geçdiler. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna we milli ýörelgelerine eýermek Internet ulgamyndan ylym-bilim bilen baglanyşykly maksatlaýyn peýdalanmak ýaly meseleler dogrusynda giňişleýin düşündirdiler.
Interaktiw okuw sapagynyň dowamynda çykyş eden wekiller Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzyň päk göwünli, arassa ahlakly, maksatlary aýdyň bagtyýar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde alnyp barylýan işler boýunça giňişleýin düşündirip geçdi. Sanly ulgamdan talyplar ýagny döredilen elektron kitaphanalardan we ylym-bilim portallaryndan özbaşdak bilimini artdyrmak, hünär derejesini kämilleşdirmek üçin peýdalanmaly diýip belläp geçdiler. Ýaşlaryň sosial torlarda goýulýan zyýanly maglumatlara wagtlaryny biperwaý sarp etmeli däldigini nygtap geçdiler.
Mundan başga-da okuw sapagynyň dowamynda çykyş eden mekdebimiziň mugallymlary Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli innowassion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlar terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar diýip gürrüň berdiler. Bilim ulgamynyň ösüşlere barýan döwründe ýaşlar milliligimizi ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna mäkäm ornaşan her bir edim-gylymynda, däp-dessurynda hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň, gözelligiň hem-de sagdynlygyň özara baglanşygy türkmen halkynyň örän baý medeniýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär diýip, çykyş eden mugallymlar giňişleýin gürrüň berdiler.
Interaktiw okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Abaýewa Zübeýda
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň
mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Milli mertebe sanly …