«OKATMAGYŇ USULYÝETI-BILIM ÖZGERTMELERIŇ BINÝADY» ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Okatmagyň usulyýeti-bilim özgertmeleriň binýady» atly okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen bu okuw maslahatynyň esasy maksady Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynyň many-mazmunyny bilim ulgamynda yzygiderli öwrenilmeginden we ýaş nesle ýetirilmeginden ybarat boldy. Şeýle hem ady agzalan medeniýet ugurly ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda geçirilen maslahat tejribe alyşmakdan, öňdebaryjy iş tejribäni ýaýratmakdan we okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän nusgalaryny bilim işine ornaşdyrmakdan we okuwlaryň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleri esasynda bilim-terbiýe bermekden ybarat boldy.

Täsirli geçen bu okuw maslahatynda çykyş eden mugallymlar Ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny mundan beýläkde-de ösdürmek, okatmagyň häzirki döwre laýyk täze usullaryny işläp düzmek, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýandygyny gürrüň berdiler. Ýurdumyzda ýöredilýän bilim syýasatynyň özeninde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn, estetiki duýgulara baý, saýlap alan kärine doly erk edip bilýän ukyply, Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine saldamly goşant goşup biljek, zähmeti söýýän şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek esasy meseleleriň biridir diýip, çykyş eden mugallymlar giňişleýin gürrüň berdiler.

Okuw maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy ösüşleriň ynamly ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara  beslenmegini arzuw etdiler!

 

Aýsoltan Uraýewa

«Jemgyýetçilik dersleri» bölüminiň müdiri

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «OKATMAGYŇ USULYÝETI-BILIM ÖZGERTMELERIŇ …

Täzelikler