2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni» mynasybetli daşary ýurt dillerinde «Dünýä durdugyça durar Pyragy» atly onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
Geçirilen bu onlaýn ylmy-döredijilik maslahata Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Jemgyýetçilik dersleri» bölüminiň mugallymlary bolup işjeň gatnaşdyk. Onlaýn maslahatda esasan hem gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň her bir şygyry külli adamzat üçin nusgalyk mekdep bolup durýandygy, nusgawy edebiýatyň gymmatlyklary, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýändigi bellenip geçildi. Akyldar şahyryň döredijiligi ýaşlaryň kämilligi üçin, milli terbiýe üçin gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklar, nusgawy edebiýatymyz ýaşlara bilim öwrenmäge hem ruhlandyrýar.
Mundan başgada çykyşlaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi egsilmez ruhy hazyna we baky gollanma hökmünde häsiýetlendirilýär diýip çykyş eden mugallymlar bellediler.
Şeýle hem onlaýn ylmy-döredijilik maslahatda mugallymlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Sorag-jogap alyşmak arkaly geçirilen onlaýn maslahat örän täsirli geçdi.
Onlaýn ylmy-döredijilik maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar medeniýetimizi sungatymyzy we edebiýaty ösdürmäge, şahyryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Baýramsoltan Garýadyýewa
«Jemgyýetçilik dersleri»
bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: ONLAÝN YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY …