Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, ýazyjy-şahyrlaryň žurnalistleriň, suratkeşleriň, sungaty öwrenijileriň, talyp ýaşlaryň arasynda “Parahatçylyk we ynanyşmak-Bitaraplygyň binýady” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
“Parahatçylyk we ynanyşmak-Bitaraplygyň binýady” atly bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň çuňňur many-mazmunyny giňden wasp edýän edebi eserler ýazdylar.
Bu bäsleşige Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdy.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelip gowşan ýüzden gowrak eseriň içinden 48-si saýlanyp alynyp olaryň hem içinde mekdebimiziň “Medeniýet öýünde režissýorlyk” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Geldimyradow Hemra Geldimyradowiç “Hemişelik Bitaraplyga buýsanç” diýen eseri bilen III orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK-BITARAPLYGYŇ …