«SAGLYGYMYZY GORAMAK-ZYÝANLY ENDIKLERDEN DAŞDA DURMAK» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Image description

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar» bölüminiň gurnamagynda «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, maksady bilen «Saglygymyzy goramak-zyýanly endiklerden daşda durmak» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden mekdebimiziň «Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar» bölüminiň mugallymy Aýna Nuryýewa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin ägirt uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzda temmäki önümleri bolan, adam saglygyna  zyýan ýetirýän çilimiň we nasyň garşysyna barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda çilim çekmegi gadagan etmek hakynda, temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi, ýerlemegi, ulanmagy we ýurdumyza getirmegi gadagan etmek hakynda kanunçylyk namalary hereket edýär diýip, mugallym talyplara gürrüň berdi.

Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden mekdebimiziň mugallymy Myratdurdy Garaýew ýaramaz endiklerden daşda durup, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak sagdyn endikleri gazanmaga hem-de sagdyn jemgyýeti gurmaga ýardam edýändigini düşündirdi. Ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda temmäki diňe bir zyýanly endik bolman, eýsem adamzat saglygyna we dünýä ykdysadyýetine düýpli zeper ýetirýän global meseleleriň biridir diýip, mugallym talyplara gürrüň berdi.

Çäräniň dowamynda çykyş eden mekdebimiziň mugallymy Aýgül Öwezowa türkmen jemgyýetiniň irki döwürlerinde hem edep kadalaryna möhüm ähmiýet bererendiklerini aýdyp geçdi. Edep kadalary hem, edil ahlak kadalary ýaly, halkyň mentalitetine esaslanýar hem-de şondan gelip çykýar. Hakykatdan-da, erkli, çydamly, utanç-haýaly, ygrarly, pespäl, geçirimli, ugurtapyjy, öňdengörüji bolmak hem-de beýleki ahlak kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilmegi aslynda edeplilikden nyşandyr. Edep kadalarynyň talaplary doly we dogry berjaý edilende, her bir adam ýokary ahlakly hem medeniýetli şahsyýet hökmünde jemgyýetde uly abraý-mertebä eýe bolýar, dowamly üstünliklere ýetýär. Ata-babalarymyz: «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt» diýip juda ýerlikli belläp geçdi.

Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda çykyş eden mekdebimiziň mugallymy Oguljahan Niýazmämmedowa türkmen halkynyň asyrlardan gelýän däp-dessurlary ahlak terbiýesiniň özenidir. Halallyk, edeplilik, adamkärçilik ýaş nesliň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ahlak gymmatlyklarynyň baý çeşmesidir. Ol ahlagy diňe jemgyýete däl, eýsem, tutuş barlyga degişlidir. Kynçylyklara garşy sabyrlylyk, tutanýerlilik we umyt ýaly ýörelgeler Gündogar pelsepesiniň esasy ýörelgelerindendir. Magtymguly bu pikirleri şygyrlarynda beýan edipdir. Ahlakly adam jemgyýetde ösüşe, durnuklylyga hyzmat edýär.  Ýaşlara ahlak terbiýesini bermek maşgalanyň we bilim edaralarynyň esasy borjudyr. Ahlakly jemgyýet ýurduň ösüşiniň berk binýadydyr. Ahlak we hukuk kadalary biri-biri bilen berk bagly bolup, milli kanunçylykda beýanyny tapýar diýip, mugallym gürrüň berdi.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar öz halkynyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilen bimöçber aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.                       

                                                                                    

                         

 

 

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň

«Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar» bölüminiň

müdiri Myratdurdy Teňňeliýew

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «SAGLYGYMYZY GORAMAK-ZYÝANLY ENDIKLERDEN …

Täzelikler