Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagyndaky sargydy düşündirmek, internetdäki ters düşünje-garaýyşlaryň mysallaryny şahsy maglumat ulanmazdan seljermek we ýaşlaryň öz sanly özüňi alyp baryş düzgünlerini düzmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde talyp ýaşlarynyň arasynda «Milli mertebe sanly giňişlikde» atly interaktiw okuw sapagy geçirildi.
Bu geçirilen interaktiw okuw sapagyna başynda sanly ulgamdan talyplar ýagny döredilen elektron kitaphanalardan we ylym-bilim portallaryndan özbaşdak bilimini artdyrmak, hünär derejesini kämilleşdirmek üçin peýdalanmaly şeýle hem ýaşlaryň sosial torlarda goýulýan zyýanly maglumatlara wagtlaryny biperwaý sarp etmeli däldigini mugallymlar nygtap geçdiler.
Interaktiw okuw sapagynyň dowamynda esasan hem ýaşlarymyzyň terbiýesinde milli däp-dessurlar we maşgala edebi, sagdyn durmuş ýörelgesi we zyýanly endiklerden daşda durmak, ylym-bilim, tehnologiýa we sanly medeniýet barada terbiýeleýji gürrüňler edildi. Ýagny häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň sport we bilim bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlar sagdyn bedenli we päk ahlakly bolmalydyr şeýle hem ýaşlar ýaltaçylykdan, peýdasyz wagt geçirmekden, jemgyýete we saglyga zyýan ýetirýän erbet endiklerden hemişe daşda durmalydyrlar diýip, mugallymlar giňişleýin düşündirdiler. Eli hünärli, sagdyn bedenli ýaşlar her bir maşgalanyň guwanjydyr diýip mugallymlar gyzykly gürrüňler berdiler.
Mundan başga-da okuw sapagynda ýaşlarymyz diňe bir milli terbiýeli bolmak bilen çäklenmän, eýsem döwrebap ylymlary, daşary ýurt dillerini hem-de täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmelidirler. Şol bir wagtda, internet ulgamyndan we sosial torlardan peýdaly, jogapkärli hem-de medeniýetli peýdalanmagy başarmalydyrlar ýaly möhüm meseleleriň üstünde durup geçdiler. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen ýaşaýyş-durmuş ýörelgeli, däp-dessurlary milli medeniýetimiziň barha baýlaşmagyna öwrülmegine getirip biziň günlerimize ýetirendigini, şolary hem biziň ýaş nesillerimiz aýap saklamalydygyny bellediler. Şeýle-de durmuşda köp gabat gelýän wakalardan mysal getirip çykyş etdiler.
Interaktiw okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Abaýewa Zübeýda
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň
mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Milli mertebe sanly …