Şekillendiriş sungatynda taryhy gymmatlyklar
2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Kitaphanaçylyk işi” bölüminiň “Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary mugallymlary Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabynyň “Taryha syýahat” atly ikinji babyna eýerip gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şekillendiriş sungatynda taryhy gymmatlyklar” atly gezelenç gurnaldy.
Halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Soňra Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary bilen mugallym Durdyýewa Ogulbaýramyň ýolbaşçylyk etmeginde muzeýe gezelenç edildi. Olar bu ýerde ýerleşdirilen ençeme gymmatlyklar we tapyndylar bilen tanyşdylar.Gezelenjiň dowamynda talyplar mugallymlary Durdyýewa Ogulbaýram medeni mirasymyz we gadymy taryhymyz dogrusynda sorag-jogap alyşmaklary gezelenjiň täsirini has hem artdyrdy.
Gezelenjiň ahyrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary “Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak” hünäriniň talyplary milli medeniýetimizi we baý mirasymyzy giňden öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Şekillendiriş sungatynda taryhy …