«ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA ÝAŞLARYŇ WASPY» ATLY SÖHBETDEŞLIK ÝAZGY EDILDI

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň şeýle hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Aşgabat teleýaýlymynyň «Bilim aýdyň geljege şamçyrag» atly gepleşigine «Şekillendiriş sungatynda ýaşlaryň waspy» atly söhbetdeşligi ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim we medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek ony halkara derejelere laýyk getirmek, döwrüň gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça birnäçe netijeli işler alnyp barylýandygy, şeýle-de häzirki döwürde bilim ulgamy düýpli özgertmeler, täzelikler bilen ýokary derejelere ýetendigi barada  bellenip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, okuwçylaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almaklary ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berdi diýip, söhbetdeşlik ýazgysynda çykyş eden mugallymlar giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynda türkmen ýaşlaryny Watanyň geljegi hökmünde häsiýetlendirip, olaryň bilimleri, zähmeti we döredijiligi bilen ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi diýip, giňişleýin mugallymlar gürrüň berdiler. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olarda geçmişimize we milliligimize söýgi we buýsanç oýarmak asylly ýörelgedir. Bu ugurda halkymyzyň döreden edebi mirasyndan, milli gymmatlyklardan peýdalanmak örän täsirlidir diýip, aýratyn belläp geçdiler.

Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden mugallymlar Türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny we häzirki döwürde türkmen şekillendiriş sungaty pajarlap ösýändigini we türkmen halkynyň ruhy dünýägaraýşynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar diýip, çykyş eden  mugallymlar giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Kümüş Kullyýewa

«Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň

mugallymy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA ÝAŞLARYŇ …

Täzelikler