2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň gurnamagynda «Altyn asyr» teleýaýlymynyň «Berkararlyk bagty» atly gepleşiginde «Şekillendiriş sungatynda ýaşlaryň waspy» ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde esasan hem çykyş eden mugallymlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ruhy we medeni taýdan hem täze belentliklere ýetilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynda türkmen ýaşlaryny Watanyň geljegi hökmünde häsiýetlendirip, olaryň bilimleri, zähmeti we döredijiligi bilen ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi diýip, giňişleýin gürrüň berdiler. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli mirasymyzy düýpli öwrenmegi we ony halkara giňişliginde dabaralandyrmagy üçin ähli şertler döredilýändigi barada durulup geçildi.
Şeýle hem çykyş eden mugallymlar häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungaty ýurdumyzyň medeniýetiniň we döredijiliginiň paýhasynyň gözbaşy bolup, dürli žanrlarda we ugurlarda uly ösüşe ýetýär. Olarda halkyň milli häsiýeti, gündelik durmuşy we tebigy gözellikler öz beýanyny tapýar. Türkmen şekillendiriş sungatynyň häzirki döwri dünýä derejesindäki ülňülerine we täze döredijilik ýörelgelerine uýgunlaşmaga synanyşýan ussatlaryň döredijiligini öz içine alýar diýip mugallymlar giňişleýin gürrüň berdiler.
Täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden mugallymlar häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungaty täze pikirlere, döredijilik ýoluna we gatnaşyklara giňden ýol açýar. Bu sungat jemgyýetde milli we ruhy gymmatlyklaryň döremegine we giňemegine hem-de dünýäde türkmen medeniýetiniň tanatmaga möhüm hyzmat edýär diýip mugallymlar aýratyn belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gülälek Garajaýewa
«Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Şekillendiriş sungatynda ýaşlaryň …