Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň ähli duşuşyklary bir günde ― şenbe güni, 6-njy aprelde geçiriler.
Şol gün sagat 16:00-da başlanjak duşuşyklarda «Şagadam» «Energetigi», «Nebitçi» bolsa «Ahaly» kabul eder.
16:30-da «Altyn asyr» bilen «Aşgabadyň», 17:00-da bolsa «Arkadag» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky duşuşyklar başlanar.
6-njy tapgyryň doly tertibi:
6-njy aprel, şenbe:
Bäş tapgyrdan soň 12 utukly «Arkadag» topary ýaryşyň başyny çekýär. Ýaryş tertibinde 9 utukly üç topar bar. Olar «Şagadam», «Ahal» we «Merwdir».
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň futbol çempionatynda …