Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz nesihat çäresi geçirildi.

Image description

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň direktory Annaýew Şageldi ýygnagy açyp, ol sözüniň başynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk  Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda göz-öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary barada giňişleýin belläp geçdi. 

Ýygnagyň dowamynda ýygnaga gatnaşyjylar sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde maglumatlaryň Kiber howplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem düzüm gurluşlarynyň ähli birlikleriniň, maliýe ulgamynyň we döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär diýip giňişleýin çykyş etdi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen döwlet medeniýet …

Täzelikler