Buşluk, Bahar geldi, ülkäme! (Oýlanma)

Image description
Buşluk, Bahar geldi, ülkäme!
Lälereýhan bolup, dünýä ýaz bolup,
Türkmen topragyna Nowruz gelipdir.
Seni garşylaýas bagtyýar bolup,
Türkmen topragyna Nowruz gelipdir.
 
Açdy gapymyzy täze dogan Gün,
Ýaşyl ýaýlalarmyz täzeläp durkun,
Toý lybasyn  geýip şaýlanýar her kim,
Türkmen topragyna Nowruz gelipdir.
 
Ýigitlermiz altyn gabak atyşyp,
Bagtyn synar bedewlerde çapyşyp,
Älemgoşar asman bilen sapyşyp,
Türkmen topragyna Nowruz gelipdir.
 
Gözelleri läle kakar şadyýan,
Gelinleriň monjugatdy  şady bar,
Ýaýla gelseň  göwnüň islän bary bar,
Türkmen topragyna Nowruz gelipdir.
 
Ak saç enäň hüwdüsi-de başga-la,
Aksakallar bagt  dileýär maşgala,
Pederlermiz daşymyza baş gala,
Türkmen topragyna Nowruz gelipdir.
Daglar başy duman, eredi garlar,
Tebigat janlandy, gülledi baglar,
Beýik ýüpek ýolda  ajapdyr çaglar,
Türkmen topragyna Nowruz gelipdir.
 
Arkadagly Watan, goýny ýaz Watan,
Ýaýlalaryň bu gün, aýdym-saz Watan,
Näçe şygyr ýazsam, ýene az Watan,
Türkmen topragyna Nowruz gelipdir.

                                      Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Jumaberdi ARTYKOW.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Buşluk, Bahar geldi, …

Täzelikler