,,Magtymguly, sazdyr, söhbetdir işiň''atly dabaraly duşuşyk geçirildi.
Ýakynda Türkmen döwlet medeniyet we sungat
mekdebinde «Magtymguly, sazdyr, söhbetdir işiň>> atly
dabaraly duşuşykgeçirildi. Duşuşyga «Edebiýat we sungat»
gazetiniň bölüm müdiri, halypa şahyr Süleýman llamanow, Türkmenistanyň at gazanan
artisti Annagurban Ylýasow gatnaşyp, Magtymguly
Pyragynyň ynsanperwerlik we ruhy-ahlak temadaky döreden şygyrlary barada
sohbet etdiler. Soňra halypa şahyr akyldara bagyşlap ýazan şygyrlaryny okady,
ussat aydymçy bolsa Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary aýtdy. Sowal-jogaply
geçen duşuşykda şygryýetiň we aydym-saz
sungatynyň baky sazlaşygy barada aýdylan pikirler döredijilige teşne ýaş zehinleriň kalbyny has-da joşdurdy.