Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň
hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we jemgyýetimizde eýeleýän ornuny
pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem-de ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny
bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga,
jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millidäp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz nesihat çäresi geçirildi.