«SUNGAT ESERI DEÝIN ÄLEME DOLDUŇ ARKADAG ŞÄHERI – BAGTYŇ ŞÄHERI» atly aýdym-sazly baýramçylyk gepleşigi ýazgy edildi.

Image description

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň ilkinji zenanlar guramalarynyň  bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlup ulanmaga berilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň 3 ýyllygy  mynasybetli «SUNGAT ESERI DEÝIN ÄLEME DOLDUŇ ARKADAG ŞÄHERI – BAGTYŇ ŞÄHERI» ady bilen «Miras» teleýaýlymynyň «Zenan-zeminiň zynaty» atly gepleşiginiň aýdym-sazly baýramçylyk sany ýazgy edildi.

Täsirli geçen bu baýramçylyk gepleşiginiň başynda çykyş eden mekdebimiziň mugallymlary we talyplary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okgunly ösüşlerimiziň hem-de täze taryhy döwrümiziň nyşany bolan Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki hem-de geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Ol dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär. Şäherde gurlan ähli binalar we desgalar, ilata hödürlenilýän hyzmatlar, onuň ekologiýa derejesi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna hem-de halkara tejribelere laýyk gelýär diýip çykyş eden mugallymlar bellediler.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar, örän oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalary we başga-da köp sanly möhüm binalar ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi. Şäher giň şaýollar, döwrebap yşyklandyryş, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şäher ilatynyň we myhmanlarynyň häzirki zaman ulaglary ýokary derejede hyzmat edýändigi barada ýazgynyň dowamynda aýdylyp geçildi.

Baýramçylyk ýazgyda çykyş edenler Arkadag şäheri döwrebap şähergurluşyk keşbi, innowasion mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döredýär diýip giňişleýin gürrüň berdiler. Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen bu şäher watanymyzyň gazanýan üstünlikleriň, ägirt uly ykdysadyýet kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriň biri bolan Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň agzybirligimiziň we jebisligimiziň has-da berkitmekde, halkymyzy täze sepgitlere ýetmekde ruhlandyrmakda ähmiýetiniň ulydygyny çykyş edenler belläp geçdiler.

Aýdym-sazly baýramçylyk ýazgynyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Baýramçylyk gepleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar umumyadamzat parahatçylygyny üpjün etmekde oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, ata watanymyzyň abraý mertebesini bütin dünýäde dabaralandyryp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

 

 

Oguljan Niýazmämmedowa

Türkmen döwlet medeniýet we sungat

mekdebiniň Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «SUNGAT ESERI DEÝIN …

Täzelikler