Taryhyň yzlary

Image description

                                                                                          Taryhyň yzlary

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Kitaphanaçylyk işi”  bölüminiň “Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak” hünäriniň 1-2-3-nji ýyl talyplary we mugallymlary Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabynyň “Taryha syýahat” atly ikinji babyna eýerip “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky “Watan mukaddesligi” muzeýinde  “Taryhyň yzlary” esasynda Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gezelenç edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Täsirli geçen gezelenjiň dowamynda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň içindäki “Watan mukaddesligi” muzeýine aýlanyldy. Ol ýerde mugallymlar talyp ýaşlara muzeýiň içindäki ähli Watan Gahrymanlarymyz, şeýle-de söweşlerden alnan bölekleýin şekiller, şol döwürde halkymyzyň durmuşyny suratlandyrýan taryhy maglumatlar barada giňişleýin mugallym Durdyýewa Ogulbaýram talyplara gürrüň berdi.Şonuň ýaly hem ol ýerde ýerleşdirilen ajaýyp heýkeller, gadymy türkmen galalarynyň we obalarynyň keşpleri, bäş sany sütüniň içinde ýerleşdirilen “Baky şöhrat” ýadygärligi we beýleki şekilli görnüşler talyp ýaşlarda ata Watanymyza bolan söýgüni,baky Gahrymanlarymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Taryhyň yzlary

Täzelikler